Söhbetdeş bolan: Mähriban Hudaýgulyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Eýýäm birnäçe ýyllardan bäri diýseň köp müşderileriň ynamyny, söýgüsini gazanmagy başaran, olaryň iň şatlykly, ýatdan çykmajak güni bolan durmuş toýuny toýlaýan günleriniň şaýady bolan “Türkmen peri” bu günki gün ýurdumyzyň iň meşhur toý salonlarynyň biridir. Bu salonda müşderileriň iň esasy günlerinde ähli isleglerini kanagatlandyrmak üçin iň zerur şertler döredilendir. Ýokary derejedäki hyzmatlar, amatlyklar we gözellikler her kimi özüne çekýär. Ine, biz hem bu gün TÜRKMENgazet.com saýtymyzda “Türkmen peri” toý salony dogrusynda gürrüň etmekçi. Has dogrusy, biz, bu salonyň işine doly derejede göz ýetirip, eýýäm birnäçe ýyllardan bäri bu ýerde zähmet çekip ýören Eneş Nuryýewa bilen söhbetdeşlik guradyk. Häzir bolsa, mähriban okyjylar, bu söhbetdeşligi size ýetirýäris.
-Salam, Eneş, biziň saýtymyzyň çakylygyna jogap edip, şeýle söhbetdeşligi guramaga mümkinçilik berendigiňiz üçin köp sag boluň. Ilki bilen bu salonuň esaslandyrylan döwründen başlaýalyň, şol dogrusynda gürrüň beräýseňiz.
-Salam, salonyň esalandyrylyşy barada aýtsak, bu işi meniň ejem başlady. Ýagny meniň ejem, Maral Nuryýewa eýýäm birnäçe ýyllardan bäri telekeçi bolup, bu salonyň hem esaslandyryjysydyr. Biziň özümiz 2014-nji ýylyň 1-nji martynda açyldyk. Ine, şondan bärem, 7 ýyldan bäri biziň salonumyz öz müşderilerini köpeldip barýar. Biziň baş masterimiz Jemal Nuryýewa işiniň hakyky ussady bolup, ol hemişe özüni kämilleşdirýär şeýle-de öz hünärini başgalara hem öwredýär. Biz baş masterimiziň hünär derejesini has-da kämilleşdirmegi üçin ähli şertleri döredýäris. Meniň özüm bu ýerde alnyp barylýan ähli işlere gözegçilik edýärin. Gelen müşderiler bilen özüm gürleşip şolara laýyk bolýan zatlary saýlap berýärin. Men eýýäm her bir müşderi geleninden şonuň haýsy zady isleýändigini, ýa-da haýsy egin-eşigiň has gowy gelişjekdigini bilýärin.
-Salonuňyzda döredilen mümkinçilikleriňiz, müşderilere hödürleýän hyzmatlaryňyz dogrusynda gürüň beräýseňiz.
-Biziň salonumyzda toý hyzmatlaryna, dogrusy, toýdaky gözelik hyzmatlaryna mätäç müşderiler üçin ähli zatlar göz öňüne tutulan. Meşhur dizaýnerler tarapyndan döredilen toý köýnekleri, halat geçdi könekleri, çaga toý köýnekleri, geliniň toý güli, owadan çakylyklar, myhmanlar üçin ýadygärlik sowgatjyklar, gelni bezeýän professional masterler, ýalyklaryň her dürli daňylyşy, professional fotosesiýa we ýene-de birnäçe hyzmatlary ýokary derejede müşderilere hödürleýäris.
-Eneş, okyjylarymyza näme üçin toý hyzmatlarynda aýratyn size ýüz tutmalydyklarynyň sebäbini aýdaýsaňyz. Ýagny öz salonuňyzyň artykmaçlyklary dogrusynda gürrüň beräýseňiz.
-Biziň toý salonumyzda döwrebap ähli mümkinçilikler bar. Bilşimiz ýaly, durmuş toýuny gurmak her bir adam üçin ýatdan çykmajak we esasy waka bolup durýar. Şol esasy günlerinde-de biziň salonumyza ynanyp, bizi saýlap bilerler. Sebäbi bizde zähmet çekýän masterler, dizaýnerler dünýä tejribesini öwrenip we hemişe kämilleşmekligiň gözleginde bolup ýören ussatlardyr. Şeýle-de bu ýerde arassaçylyga diýseň berk seredilýär. Şonuň üçin-de her bir müşderi bizden diýseň hoşaldyr. Maşgaladan bir gelin ýa-da öýlenýän ýigit biziň salonumyzy saýlasa, eýýäm şol öýüň indiki durmuş gurjaklary hem biziň hyzmatlarymyzy saýlaýar. Bu bolsa, biziň öz edýän işimize diýseň jogapkärçilikli çemeleşmegimiziň netijesidir.
-Salonuňyz tarapyndan alnyp barylýan çäreler we arzanladyşlyklar barada näme aýdyp bilersiňiz?
-Biz hemişe-de toý-baýramyň çäklerinde birnäçe çäreleri yzygiderli geçirip durýarys. Möwsüm täzelendigiçe, egin-eşiklerimiz, toý köýneklerimiz hem täzelenýar, şol sebäpli-de täze köýnekleriň moda görkezilişigini hem guraýarys. Şeýle-de elbetde, beýle bäýramçylyk çäreleriň çäklerinde internet sahypalarymyzda bäsleşikleri, arzanladyşlyklary-da yzygiderli geçirýäris.
-Edil siz ýaly, şeýle uly işiň başyny başlajak, öz telekeçiligini ýöretjek gelin-gyzlara näme maslahat berip bilersiňiz?
-Her bir işe başlamazdan owal, ilki bilen öz hakykatdanam söýýän we şol boýunça uly derejelere ýetip boljakdygyňa ynanýan işiňe baş goşmaly. Öz edýän işiňi iň bir mukaddes zat ýaly görüp, ony çynyň bilen söýmeli. Öz işiňe, özüňe ynamyň bolmasa, hiç zadam gazanyp bolmaz. Beýlekilerden däl-de özüňden güýçli boljak bolmaly. Hemişe-de özüňi kämilleşdirmegiň gözleginde bolmaly. Elbetde, her bir işde iň zerur zat hem öz agzybir işgärler toparyň bolmaly. Olaryň hemmesi-de bir jan bir ten ýaly zähmet çekmeli. Galyberse-de hiç haçan boýun egmän hemişe öňe tarap hereket etmeli.
-Sag boluň, Eneş beren gürrüňleriňiz we peýdaly maslahatlaryňyz üçin. Size işiňizde mundan beýläk hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
-Sag boluň. Size-de üstünlik arzuw edýärin.
gowy