Ata-enesiniň ak patasy bilen bu gün-ertir bagt ýoluna tarap ugrajak bolýan gyzyň ýaşyl-gyzyl toý lybaslaryny, tawusyň ýelegi ýaly owadan öýmelerini, gonjy uzynly-gysgaly örme joraplaryny, kitap ýaly gat-gat edip goýlan gelin bukjalaryny, şaý-seplerini göreniňde gülälekli meýdan göz öňüňe gelýär. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda durmuşa çykjak, gyzlarymyz türkmeniň milli lybaslaryna uly üns berýärler. Özüniň ornuny gadym wagtlardan, biziň günlerimize çenli saklap gelýän örme joraby hem täze gelin boljak gyzlarymyzyň üns merkezindedir.
Sebäbi, her bir durmuşa çykjak gyz maşgala özüniň gelin bukjasyny taýynlaýar, şonuň bilen birlikde ol gelinalyjysy güni geýjek çokaýynyň rahat, nepis, owadan, mähirli bolmagyny isleýär we özi üçin iň owadanyny saýlaýar. Näme üçin? Sebäbi, täze ojaga sag aýagy bilen ilkinji ädimini ätýän wagtynda, aýagynda täze gülli, nepis nagyşlanan gelin joraby bolýar.
Şeýlelikde, täze gelin täze çokaýy bilen basan ilkinji ädiminiň owadan bolşy ýaly, geljekde durmuşynyň hem şolar ýaly owadan bolmagyny arzuwlaýar. Şonuň üçin hem gelin joraplaryň daşky keşbi, nagyşlary, durmuşa çykjak gyzlary has hem gyzyklandyrýar. Hawa, hakykatdan hem ýagşy niýet bilen ýerine ýetirilen işiň soňy örän ajaýyp bolýar. Muňa «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýen nakyly hem mysal getirip bolar. Häzirki wagtda nagyşly joraplaryň meşhurlygy has-da artýar. Goý, zenanlarymyz hemişe gyzyl-elwan geýinip, läle-reýhan açylan güle meňzesinler!
Merjen JUMAGYLYJOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.