PsihologiýaŽurnalistiň sahypasy

Arnold Şwarsneggeri üstünlige ýetiren alty kanun

19-03-2021 / 3

 

Arnold Şwarsnegger XX asyrda meşhurlyga eýe bolan bodibildiň (bodybuilding) sporty boýunça dünýäniň birnäçe gezek çempiony, Golliwudyň görnükli aktýory, birnäçe kitaplaryň awtory, mundan başga-da, iki gezek Koliforniýa ştatynyň biragyzdan saýlanan gubernatory bize bu gün özüniň häzire çenli gazanan üstünliklerine elten alty sany kanunyny düşündirýär.

1-nji kanun: Durmuşda näme bilen meşgullansaňyzam maksadyňyz bolsun!

Şol maksady hem hyýal arkaly göz öňüňizde janlandyryň! Eger kapitanyň dünýäde iň uly gämisi bolup, ol nirä barýanyny bilmeýän bolsa, gämi dogry porta baryp ýetmez.

2-nji kanun: Size bu pikirleriňiziň mümkin däl diýýänleri hiç diňlemäň!

Eger-de men olary diňlän bolsadym, häzir Alp daglarynyň eteginde töňňe çapardym.

3-nji kanun: Hiç wagt kiçi gerimli pikirleri etmäň!

Ýyldyzlara ymtylyň. Kiçi ýeňişler bilen kanagatlanmak bolmaz.

4-nji kanun:  Zähmet we yhlas.

Ýeňişe barýan ýollaryň arasynda aňsady ýok,  siz öz mynasyp ornuňyza diňe yhlas bilen ilerläp bilersiňiz. Her gün türgenleşik zalynda bäş sagatlap türgenleşýän wagtlarym adamlar maňa: “Arnold şeýle agyr türgenleşseňem elmydama ýüzüň gülüp dur! Muny nädip başarýaň?” diýerdiler. Menem her gezek gülüp “Sebäbi meniň maksadym bar“ diýip jogap bererdim.

5-nji kanun:  Şowsuzlykdan gorkmaň!

Eger bu islegim bolmasa  başgarak zatlar bilen meşgullanaýaryn diýmegiň özi şowsuzlyga sezewar bolmakdan yza gorkup çekilmekdir. Adam hiç hili alternatiw ýolunyň bolmadyk ýagdaýynda maksadyna tarap kesgitli hereket edýändir.

6-njy kanun: Adamlara kömek ediň.

Hiç bir ynsanyň ýeňişe ýeke özi ýeten däldir. Olaryň töweregini kömek elini uzadýan ynsanlar gurşap durandyr. Men bar ünsümi maňa edilen kömekleri yzyna gaýtarmak üçin gönükdirýärin.

 

Taýýarlan: Akmuhammet DÖWRANOW.

 

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu