
Awtory: Merjen Kadyrowa.
Lebap welaýat telewideniýesi.
Ilki bilen çagalarda jogapkärçilik duýgusyny oýarmaly?
Jogapkärçilik adamyň iñ esasy naýbaşy häsiýetleriniñ biri. Çagalarda bu häsiýeti oýarmak, ene- atanyñ berýän terbiýesine bagly bolup durýar. Bu häsiýet islendik çagany uly űstűnliklere elter hem-de geljege bolan ynamy artdyrar.
Çagalaryñ kiçijik gazanan űstűnligine, mekdepde derslerden ýetişigine uly baha bermeli. Olary höweslendirmeli, dostlaşmaly, her bir aýdan pikirine hormat goýmaly. Bu bolsa olarda özűne bolan ynamy gűýçlendirýär. Ỳagny 1 synpa gatnap başlan çagada bir bada mekdebe , daş –töweregindäki deñ- duşlaryna öwrenişmegi biraz kyn bolýar. Bu ýagdaýda ene- ata öz çagasyna goldaw bermegi hökmany ýagdaýdyr.
Sapaklaryna gezek gelende oýun hökműnde añsadrak usulda düşündirmeli.
Ony her gezek öwmeli. 6-7 ýaşdaky çagalary beter çagalykdan daşlaşdyrmaly däl, gaýtam olara erteki aýdyp bermek, aýdyma hiñlenmek ýa-da goşgy okap bermek ýaly endikler bilen terbiýelesek olara uly bir goldaw bolup biler.
6-7 ýaşdaky çagalar bu döwürde öran tiz wagtda hat-da her sagatda diýen ýaly ösűp ýetişýärler.
Bu ýaşdaky çagalar elmydama hereketde bolýarlar. Psihologlar bu ýaşdaky çagalary belli bir rejede saklamagy maslahat berýärler. Oglan çaga has hereketjeñ bolýar, olary mekdepden daşary sport bilen meşgullandyrmaly ýa-da şaşka, şahmat, suwda ýűzmek…. Gyzlar gimnastika, hariografiýa, ýeñil atletika, surat çekmek bilen meşgullanyp bilerler.
Geliň, çagalarymyzyñ gözýetiminiñ giñelmegine, olaryñ sagdyn, berk bedenli ösűp ýetişmegine ýardam bereliñ!
👍👏