Žurnalistiň sahypasy

Änew — taryhyň şöhratly sahypalarynda

11-03-2025 / 91

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belläp geçdi. Bu jümleler türkmen taryhynyň geçmişiň uzak müňýyllyklara uzaýandygyny, ol ýoluň şöhratly sahypalara baýdygyny, netijede, biziň bu günki nesillerimiziň beýik aslymyza buýsanmaga doly hukugynyň bardygyny kesgitleýär.

Mälim bolşy ýaly, Änew medeniýeti amerikan arheology Rafael Pampelliniň ylmy barlaglary netijesinde dünýä äşgär boldy. Ilkinji gezek ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň dänesi gadymy Änew topragyndan tapyldy. Änew medeniýetiniň dowam eden döwri miladydan öňki V müňýyllykdan III müňýyllygyň başlaryna degişlidir. Şol gadymy döwürlerde änewlilerde amaly sungat hem ösüpdir. Munuň şeýledigini geometrik nagyşlar bilen bezelen toýundan ýasalan gap-gaçlar, daşlaryň dürli görnüşinden, şol sanda pöwrize we hakyk daşyndan ýasalan monjuklar subut edýär.

Änewde esasy kär ekerançylyk bolupdyr. Muny bolsa däneleriň toýundan galan yzlaryndan, şeýle hem gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan daş kätmenlerdir oraklardan, sokulardan görmek bolýar. Ylmy gözlegler änewli daýhanlaryň bugdaýy suwarmagyň iň gadymy görnüşleriniň birini, ylymda atlandyrylyşy ýaly, «liman» — ýokardan aşak ýapgytlaýyn suwaryş usulyny ulanandyklaryny tassyklady. Änew şäheriniň ilaty hem-de ekerançylyk ýerleri Kelteçynar atly derýanyň suwy bilen üpjün edilipdir. Änewliler maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Arheologik barlaglaryň netijeleri gara malyň, şeýle hem ýabynyň, düýäniň süňkleriniň galyndylarynyň tapylandygyny görkezýär. Häzirki wagtda Änew şäheriniň gündogaryndaky baýyrlygyň üstünde gurlan deňi-taýy bolmadyk meşhur ýadygärlikler toplumynyň biri-de, Seýit Jemaleddin ýadygärligidir. Ol «Änew medeniýeti» ady bilen taryha girdi.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň I kitabynda gadymy Änew şäheriniň orta asyr taryhyna degişli gymmatly maglumatlary beýan edýär: «Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr. Onuň gurlan senesi binanyň öň tarapynda, girelgesinde ýazylypdyr. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinden soň, gynansak-da, metjit weýran bolýar. Onuň ozal nähili bolandygyny diňe galan suratlardan görüp bolýar. Metjidiň esasy girelgesiniň ýokarsynda iki sany aždarhanyň şekili bar. Bu metjit il içinde hormatlanylýan adam, dini ylymlaryň ussady Seýit Jemaleddiniň guburynyň öňünde gurlupdyr».

Milli medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmakda, şöhratly ýollaryny mynasyp derejede beýan etmekde şahsy göreldeleri görkezýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Atajan DURDYÝEW,
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu