Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Magtymguly Pyragy ― türkmen edebiýatynyň hazynasy

10-03-2025 / 45

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgulary şu günki güne çenli okalyp, öwrenilip, halkyň dilinde sözüň esasy baýlygy hasaplanyp gelinýär. Akyldar  şahyrymyzyň miras galdyran goşgularynyň, öwüt-nesihatlarynyň, edep-terbiýe hakyndaky pelsepeleriniň biziň üçin uly mekdep bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy» diýip belläp geçýär.

Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet bolmak bilen, beýik şahyryň döredijilik mirasy umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine, şeýle hem parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýadyna öwrüldi. Munuň şeýledigine geçen ýylyň 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, bu iri forumda Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik akyldaryň baý mazmunly edebi mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýändigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hem-de ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Şoňa görä-de, dana Pyragynyň goşgularyndan eriş-argaç bolup geçýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň hem esasy özenini düzýär.

Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Bu goşgynyň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýedir:

Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine we şygryýetine hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyrymyzyň täze açylan ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de «Magtymguly» atly täze şygyrlar ýygyndysynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Milli medeniýetimizi içgin öwrenmek babatda döredip berýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Gülälek GARRYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu