Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Paýhas we ylham çeşmesi

24-01-2025 / 59

Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby bagtyýar halkymyza gymmatly sowgat boldy.

Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby owadan fotosuratlar bilen bezelip, ýokary çaphana usulynda, üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde çap edildi. Sekiz bölümden ybarat bolan neşir giň okyjylar köpçüligine, ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň döredijilik mirasyny öwrenijilere niýetlenendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň iki ýylyň, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň sepgidinde halkymyza gowuşmagynyň özi çuňňur mana eýedir. Çünki parahatçylyk söýüjilik, birek-birege sarpa goýmak, agzybirlik ýaly döwletli ýörelgeleri ündeýän kämil pikir-garaýyşlar beýik şahyrymyzyň eserlerinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, dürdäne eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Kümüş ESENOWA,
Daşoguz şäheriniň 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu