Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Pähim-paýhas ummany

17-02-2025 / 57

Şöhratly wakalara beslenýän günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny elimize almagymyz ruhumyzy has-da joşdurýar, bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi umumadamzat gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana şahyrymyzyň sarpasynyň has hem belent tutulýandygynyň täze bir beýany boldy.

Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby söz ussadymyzyň ýubileý senesi mynasybetli bagtyýar halkymyza gymmatly sowgatdyr. Kitapda beýik söz ussadymyzyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy giňden beýan edilip, bu eser ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň özboluşly jemidir. Bu kitap ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, türkmen akyldary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.

Nusgawy şahyrymyzyň dünýä halklarynyň ýürek telwasyna öwrülen «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusy bilen açylýan kitabyň ilkinji sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çuňňur filosofik pikirlere ýugrulan goşgusy ýerleşdirilip, munuň özi aýratyn ähmiýete eýedir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalaryň, hormatly Prezidentimiziň şanly wakalar mynasybetli gutlaglarynyň we çykyşlarynyň bolmagy ony Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmä öwürýär.

Döwlet Baştutanymyz bu eserinde: «Magtymguly Pyragynyň eserleri mizemez binadyr. Bu binanyň sütünleri älem-jahana, barlyga hem-de barlygy bar edene söýgüden gurlandyr. Bakylyk suwuna eýlenendir. Halkyna hem-de ähli adamzada bolan mähire ýugrulandyr» diýip jaýdar belleýär. Şunuň bilen baglylykda, beýik akyldar şahyryň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýar. Beýik şahyrymyzyň edebi mirasy ýaş nesillerimiz üçin hem ylham çeşmesidir, kämil watançylyk kelamydyr, dünýä akyl ýetirmegiň beýik nusgasydyr.

Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda geçmişdäki Magtymguly, Azady ýaly beýik akyldarlarymyzyň nesillere galdyran edebi mirasynyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, şeýle-de, medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna, akyldaryň öz şygyrlarynda öňe sürýän parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik baradaky garaýyşlarynyň ähli döwürler üçin hem ýolgörkeziji taglymat hasaplanýandygyna ünsi çekýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi hem beýik akyldaryň parahatçylyk baradaky ýörelgelerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Täze taryhy döwrümizde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Soltangözel AMANBERDIÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu