
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýy halkara derejede giňden dabaralandyryldy. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň dana pikirleriniňdir ajaýyp taglymatlarynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýä içre, halkara derejesinde çuňňur öwrenilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly – ynsan ruhunyň beýik lukmanydyr. Şahyryň öz döwründen häzirki güne çenli şygyrlarynyň ýokary gymmata eýe bolmagynyň sebäbi, ondaky parasat-pähimleriň ynsan kalbyna melhem bolup siňýänligidir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, ýadan bedenlere kuwwat bolýar, entäne goldaw, sustypese ruh berýär. Hut şonuň üçin hem halkymyz Magtymgulyny agyran-ynjan, aljyran, gussa batan gününde dertlerden gutarjak lukman tutunypdyrlar» diýip belleýär.
Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Şoňa görä-de, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy we ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji nobatda goýupdyr. Akyldar şahyr şygyr setirlerinde: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti, // Saglyk onuň soltanydyr» diýip, ýaş-juwanlygyňdan tä garrylyga çenli saglygyň gadyryny bilmegi, ony gorap saklamagy nesihat edipdir.
Magtymgulynyň şygyr dünýäsiniň esasy mazmuny adamlarda kalby päkligi, gözelligi, mylaýymlygy, halallygy, ynsaby, birek-birege hormaty, wepalylygy, Watana söýgini, ynsanperwerligi döretmekden ybaratdyr. Ol adamyň saglygy üçin zerur bolan şadyýanlygy, beden hem ruhy gözelligi, arassalygy wasp etmek bilen sagdyn ýaşaýyş durmuşy wagyz edipdir. Bu pelsepeler ähli adam üçin gymmatlydyr.
Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiliginde saglygyň ynsan durmuşyndaky möhüm orny barada bellenilip geçilýär. Şahyryň il arasynda nakyla öwrülen birnäçe gyzyldan gymmatly setirleri bar: “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun”, “Hassalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun’’, “Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr’’.
Akyldar şahyrymyzyň setirlerinde belleýşi ýaly, her bir ynsan öz saglygynyň onuň üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna düşünmeli, onuň aladasyny sagdyn wagty etmeli, kesellemekligiň öňüni almaly we ony goramaly. Şeýlelikde, dana şahyrymyz adamyň on iki süňňüniň sagat we gelşikli bolmagy barada ýerlikli wesýetleri edipdir. Magtymguly atamyz ynsan saglygy iki bölümden, ýagny beden we ruhy saglykdan durýar diýip hasaplaýar. Bu barada ol ynsanyň sagdynlygy ajaýyp daşky keşbi hem gözel ruhy dünýäsi bilen sazlaşsa, ynsanperwer kalby döredýänligini hem nygtapdyr. Bular barada: «Hozuň daş gabygy, gülälek suwy, // Suwun saça çalsaň gara reň bolar» diýip, ýerlikli belleýär. Akyldaryň käbir şygyr setirleri saça basmadyr hyna goýulmagynyň köp keselleriň öňüni almaga kömek edýändiginden, ruhy lezzet berýändiginden habarlydygyny aňladýar.
Beýik şahyrymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Aýna GULLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy, dosent, lukmançylyk ylymlarynyñ kandidaty.