
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny garşylaýan günlerimizde çapdan çykan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby halkymyza ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän bu kitap dürdäne eserleri umumadamzat gymmatlygyna öwrülen beýik şahyryň hormatyna sözden dikilen heýkeldir.
Kitapda şahyryň edebi mirasynyň häzirki döwürde halkara gatnaşyklary berkitmekde we halklaryň arasynda medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragyny «Аgzybirligiň ündewçisi», «Parahatçylygyň şahyry» diýip atlandyrýar. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özeninde hem ussadyň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň durandygyna ünsi çekýär.
Neşirde ussada düşünmegiň açary barada giňişleýin düşündirişler berilýär. Şonuň üçin hem ähmiýeti boýunça bu eseri Magtymgula düşünmegiň we ony düşündirmegiň ylmy gollanmasy diýip atlandyryp bolar. Hormatly Prezidentimiziň milli şahyrymyza aýratyn hormat we söýgi bilen häsiýetlenýän çuňňur şahsy gatnaşygy bar. Şahyryň ömrüne we döredijiligine ylmy taýdan beletlik bilen utgaşýan bu gatnaşygyň netijesinde awtoryň täze garaýyşlarynyň käbirine ünsi çekesim gelýär. Kitapda şeýle diýilýär: «Edep-kadalary, gylyk-häsiýetleri Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin, Magtymguly hakykatyna göz ýetirmek üçin biziň şol düşünjä görä hereket etmegimiz akyla laýyk bolardy». Görnüşi ýaly, kitapda Magtymguly bilen gyzyklanýan her bir adam üçin arzyly maksat bolan Magtymguly hakykatyna ýetmegiň esasly usuly salgy berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz akyldaryň döredijiliginiň düýp özenini, baş aýratynlygyny şeýle kesgitleýär: «Magtymguly Pyragynyň eserleri mizemez binadyr. Bu binanyň sütünleri älem-jahana, barlyga hem-de barlygy bar edene söýgüden gurlandyr».
Hakyky watançy, ilhalar ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek beýik eždatlarymyzyň wesýetlerine eýerip, miras goýan gymmatlyklaryna, şöhratly ýoluna mynasyp bolmakdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň, şeýle-de olaryň özboluşly dowamy bolan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze eseriniň ähmiýeti örän uludyr. Olar ýaşlary watansöýüjilige, beýik işlere, belent maksatlara ruhlandyrýan ýolgörkeziji şamçyragdyr. Çünki bu kitaplarda şöhratly taryhymyzyň, bagtyýar şu günümiziň we röwşen geljegimiziň bir bitewi baglanyşygy, milli gymmatlyklarymyzyň aýratynlyklary, döwletli ýörelgelerimiz, beýik maksatlarymyz giňden we çeper beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwet galamynyň ýiti, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, ýaşlara watansöýüjiligi ündeýän şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.
Umida MUZAFFAROWA,
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy.