
Türkmenistanda «Euronews» telekompaniýasy ýaly abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine ýakynda dünýäniň millionlarça teletomaşaçysyny syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda bolup geçýän wakalar bilen dürli dillerde dessin tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik toparynyň ýurdumyzda saparda bolmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu abraýly telekompaniýanyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap bermegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Şunda «Euronews» telekompaniýasyna möhüm orun degişlidir.
Öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini göz öňünde tutup, millionlarça tomaşaçysy bolan «Euronews» telekompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligi, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, ynanyşmagy ündeýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmak ugrunda işleri mundan beýläk-de ilerletmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy. «Euronews»-iň habarçylarynyň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şol ýyl ýurdumyzda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisini, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2019-njy ýylda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny beýan etmäge gatnaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu düzümiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyz barada ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli wideoşekiller ýylyň dowamynda «Euronews» teleýaýlymynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmek wajyp bolup, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bardyr.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy bellenilýär. Geçen döwrüň içinde sebit we dünýä ähmiýetli örän köp işler edildi. Olar häzirki wagtda-da üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletlerini, halkara guramalary parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandygyny nygtamak gerek. Bu maksatlary giň köpçülige ýetirmek işi bolsa «Euronews» ýaly meşhur, ygtybarly we iri köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň goldawy bilen mümkin bolar.
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.