
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.
Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. Elleriňizi elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly.
Sagdyn iýmitlenmeli. Witaminlere we mikroelementlere baý ter gök önümleri we miweleri iýmeli.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny doly we dogry berjaý etmeli.
Ýaz paslynyň her bir gününiň şemally, ýagmyrly, salkyn we yssy bolup bilýändigini we howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli.
Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjüni elmydama gözegçilikde saklamaly. Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetirmeli.
Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlaryny, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
Zülfiýa JUMANIÝAZOWA,
Darganata etrap hassahanasynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň Kranç oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany.