Žurnalistiň sahypasy

Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrylýar

27-02-2025 / 91

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr. Türkmen hem-de türk halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, köpasyrlyk söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji fewralda Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkiýäniň Ankara şäherinde iş saparynda bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu teklibi goldandygy üçin türkmen tarapynyň Türkiýe Respublikasynyň Hökümetine hoşallygy beýan edildi. Saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Nygtalyşy ýaly, parlamentara dialog döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm düzüm bölegidir. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän parlamentara dostluk toparlary bolsa kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisine Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna agza bolmagy teklip etdi. Numan Kurtulmuş Türki Döwletleriň Guramasynyň işine uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dostlukly salamyny hem-de türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlyklarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Ankarada bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Baştutanyna hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de doganlyk döwletiň Prezidentine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan çakylyk haty gowşuryldy.

Şeýlelikde, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki sapary ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary berkitmek ýolunda möhüm ädimleriň biri bolup, türkmen-türk gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegine täze itergi berer.

Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu