
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu lukmançylyk merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýokary halkara ykrarnama mynasypdyr. Bu desgalaryň gurulmagy “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy üçin uly üstünlik boldy: olaryň taslamalary kompaniýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyp aragatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan geçirilen bäsleşige gatnaşyp, onda ýeňiji bolmaga ýardam etdi. Bu bäsleşigiň GFR-iň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýändigini bellemek gerek.
Ýeri gelende bellesek, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi geçen ýylyň oktýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Şonda hem bu döwrebap desgalara güwänamalar hem-de degişli nyşanlar gowşurylypdy. Munuň özi olaryň ýokary derejesiniň, öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň ykrarnamasy boldy.
Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalaryň berilmegi olaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Ilatyň saglygyny bejermäge we dikeltmäge gönükdirilen şeýle ajaýyp desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de lukman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.