Sagdyn durmuş

«Farap» ― şypaly mekan

20-02-2025 / 78

Mälim bolşy ýaly, «Farap» şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden 20 kilometr uzaklykda, Amyderýanyň sag kenarynda, Goýgala obasynda ýerleşýär. Bu şypahananyň täze binasy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda gurlup ulanylmaga berildi.

Bütin durky bilen tebigatyň gözelligine beslenen «Farap» şypahanasy bu ýere gelýän raýatlara lezzetli dynç alşy bagyşlaýar. Al-elwan güllere, bagy-bossanlyga bürenip oturan arassa howaly bu şypahanada ildeşlerimiziň saglygyny dikeltmekleri üçin ähli şertler ýokary derejede guralýar.

250 orunlyk, häzirkizaman binagärçilik usullarynyň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýän şypahana düzüminde 32 elementi bolan üýtgeşik bejeriji häsiýetli, şypaly suwy bilen tapawutlanýar. Bu jana şypaly suwda ýod, brom, magniý, gidrokarbonatly natriý, sulfatly natriý, kükürt wodorodly minerallar we beýlekiler bar. Şypahanada häzirkizaman ülňülerine gabat gelýän köp görnüşli lukmançylyk ulgamy döredildi. Bejeriş häsiýetli mineral suwly howuz ýerasty çeşmeleriň suwy bilen doldurylýar.

Adamlaryň dynç almak üçin şypahanalara gelmekleri Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda ýola goýulýar. Bu ýerde halk köpçüliginiň saglygyny we rahat dynç alşyny üpjün etmek maksady bilen zerur bolan öňüni alyş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Şypahana anyklaýyş, bejeriş hem-de suw bilen bejeriş bölümlerini öz içine alýar. Bu ýerde gastroenterolog, newropatolog, urolog, ginekolog, iç keseller, göz, diş lukmanlary raýatlara öz ugurlary boýunça degerli maslahatlary we bejergileri berýärler.

Şypahanada halk köpçüliginiň ýüz tutmalaryna, isleglerine görä, tebigy bejeriş serişdeleri bilen toplumlaýyn bejergiler ýola goýulýar. Bu bolsa ilatyň rahat dynç alyp, saglygyny has-da berkitmeklerine we şypahananyň işgärleriniň jemgyýetiň saglygyny üpjün etmeklige goşant goşmak barada öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmeklerine giň ýol açýar.

Geljekde hem täze bejergileriň birnäçesini ýola goýmagy göz öňüne tutýan «Farap» şypahanasynyň eli ýeňil lukmanlardyr şepagat uýalary bejergileri bilen ildeşlerimize saglyk we gözellik bagyşlaýarlar. Saglyk bar ýerinde hemişe gözellik hem bar. Şypahana gelip, dynç alýan ildeşlerimiz bolsa şol iki baýlykdan hem paýlydyklary üçin halkyň saglygyny döwletiň iň gymmatly hazynasyna deňeýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Ulugbek HAKBERDIÝEW,
«Farap» şypahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu