Žurnalistiň sahypasy

Halypa diplomatlarymyz sylaglandy

18-02-2025 / 13

Diplomatlar — dünýäde parahatçylygy dabaralandyryjylar. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçilmegi möhüm ähmiýetlidir. Şunda her ýylda halypa diplomatlarymyza sylag-sowgatlaryň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi. 

Şoňa görä-de, 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halypa diplomatlary sylaglandyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda hünär baýramy mynasybetli daşary ýurtlarda Türkmenistanyň adyndan ençeme ýyllap wekilçilik eden halypa diplomatlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Şunda halkara gatnaşyklary ulgamynda gazanylan üstünlikler biz ― geljekki halkaraçy hünärmenleri has-da buýsandyrýar.

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän, geljegi nazarlaýan oňyn daşary syýasatymyzyň esasynda Türkmenistan dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş, halkara işlerde deňhukuklylyk adalatlylyk ýörelgelerine berk we yzygiderli eýerýän, döwletleriň hem-de halklaryň öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň döredilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanlanmagy milli diplomatiýamyzyň binýadynyň berkdigini alamatlandyrdy.

Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan diplomatlarymyzy, daşary syýasat edarasynyň işgärlerini, şeýle hem geljekki halkaraçy hünärmenleri Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Pena ÝUSUPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu