Žurnalistiň sahypasy

Ylalaşyp bilmegiň sungaty

18-nji fewral — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

15-02-2025 / 37

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Şunda halkara gatnaşyklary ulgamynda gazanylan üstünlikler biz ― geljekki halkaraçy hünärmenleri has-da buýsandyrýar.

Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň ussat diplomaty, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, taryh ylymlarynyň doktory, professor, halypa mugallymymyz Amangeldi Rahmanow: «Diplomatiýa gepleşip, ylalaşyp bilmegiň sungatydyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy — bu biziň ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň, onuň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge, dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda halkara guramalaryň çäklerinde bilelikde iş alyp barmaga ymtylyşynyň nyşany bolup durýar.

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda oýlanyşykly durmuşa geçirilýän, geljegi nazarlaýan oňyn daşary syýasatymyzyň esasynda Türkmenistan dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş, halkara işlerde deňhukuklylyk adalatlylyk ýörelgelerine berk we yzygiderli eýerýän, döwletleriň hem-de halklaryň öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň döredilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanlanmagy milli diplomatiýamyzyň binýadynyň berkdigini alamatlandyrdy.

Pursatdan peýdalanyp, parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris. Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan diplomatlarymyzy, daşary syýasat edarasynyň işgärlerini, şeýle hem geljekki halkaraçy hünärmenleri Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Mähri BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň IV ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu