Sagdyn durmuş

Bedew münen hassa bolmaz…

11-02-2025 / 83

Halkymyzda: «Bedew atlarda göze görünmeýän ganat bar» diýlen jümle bar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle» diýip, ahalteke bedewiniň hemişe ynsan bilen gatnaşykda bolandygyny taryhy mysallar arkaly beýan edýär.

Täze taryhy döwrümizde bu däpleriň has-da rowaçlanýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy gyzgyn goldawa eýe boldy. Ussatlygy we çakganlygy bilen haýran galdyrmagy dowam edýän toparyň çykyşlary, hemişe bolşy ýaly, bu gezek hem bütin dünýäniň ünsüni çekmegi başardy. Bu ýeňiş milli sirk sungatymyzyň, şonuň bilen birlikde, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýdy.

Gündogary alymy Abu Aly ibn Sina at münmegiň tutuş bedeni işjeňleşdirýändigi barada belläp geçipdir. Alym Selsiý bolsa, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir. Şeýlelikde, ippoterapiýa ― bedewiň tebigy güýjüni ulanmak arkaly bejergi. Dürli keselleriň dikeldiş bejergisinde köplenç tebigy şertler ulanylýar. Olara suw bejergisi bolan balneoterapiýa, çäge bilen bejergi psammoterapiýa, läbik bilen bejergi bolan pelloidoterapiýa, Gün şöhlesi bilen bejergi gelioterapiýa, howa bilen bejergi aeroterapiýa, düzüminde efir ýaglaryň buguny saklaýan ýakymly yslar bilen bejergi aromoterapiýa, daş bilen owkalama stounoterapiýa, deňiz suwy bilen bejergi talassoterapiýa degişlidir.

Bedewiň bejeriji täsirine lukmançylyk ylmynda ippoterapiýa diýilýär. «Ippo — at», «terapiýa — bejergi» diýen manyny aňladýar. Bu bejergi ýürek-gan damar, daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, nerw ulgamynyň kesellerinde peýdalydyr. Bedewiň bedeniniň gyzgyny adamyň bedeniniň gyzgynyndan ýokary bolup, onuň güýçli biogurşawy adamyň bedenine biomehaniki täsir arkaly ýakymly tebigy ýylylyk berýär, şeýle hem ruhy göteriji, ruhlandyryjy täsirini ýetirýär. Çaga bolsa bu bejergä işjeň girişip, ony adaty oýun hökmünde kabul edip, bejeriji täsirler arkaly ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Netijede, dartgynlylyk, gaharjaňlyk, gorky ýaly duýgular aradan aýrylýar.

Türkmen bedewi bilen didarlaşmak, ony naharlamak, oňa ideg we gözegçilik etmek, dürli oýunlary oýnamak ýaly hereketler adam saglygyny bejerijilik häsiýetine eýe. Gippokratyň döwründen gözbaş alan bu usul nerw dartgynlylykda, aşa ýadawlykda, merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde dikeldiş bejergi hökmünde peýdalydyr. Bu bejergi çagada özüne we bejergä bolan ynamy berkidýär, edermenligi, asyllylygy, yhlaslylygy terbiýeläp, milli mirasymyza hormat goýmak häsiýetini kemala getirýär.

Ogulnar NAZAROWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu