Sagdyn durmuş

Diabetiki retinopatiýa

31-01-2025 / 83

Bilşimiz ýaly, diabetiki retinopatiýa süýjülik keseli adam bedeniniň aşgazanasty mäzinde insulin gormonynyň ýetmezçiligi sebäpli döreýän keseldir. Süýji keseliniň döremegine nesle geçijilik, semizlik, infeksiýa, fiziki, psihiki şikesler sebäp bolup bilýär. Onuň ilkinji alamatlary suwa mätäçlik, aýaklarda, ellerde agyry, gijelewük, ukusyzlyk, umumy gowşaklyk, derilerde iriňli ýaralaryň döremegi gözüň görüjiliginiň peselmegidir.

Bu kesel edil beýleki bedeniň içki agzalaryna zeper ýetirişi ýaly, 25-90 göterime çenli göz almasynyň hem torly gatlagyna zeper ýetirip bilýär. Süýji keseliniň 90 göterimi diabetiki angiopatiýa, diabetiki angioretinopatiýa görnüşinde, 10 göterimi diabetiki proliferatiw retinopatiýa görnüşinde duşýar.

Adam bedeniniň göz agzasynda süýjülik keseliniň gaýraüzülmesinde birnäçe alamatlar duş gelýär. Ýagny gözüň görüş ýitiliginiň peselmegi, göz almasynyň içki basyşynyň ýokarlanmagy, göz almasynyň düýbünde üýtgemeleriň döremegi, çiş, gan inme, damarlarynyň zeperlenmesi ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Bu ýagdaýda hökmany oftalmolog lukmana ýüz tutup doly bejergi almaly. Näsagda diabetiki retinopatiýa anyklanylanda 3 aýdan oftalmolog barlagdan geçmeli we lukmanyň gözegçiliginde bolmaly.

Süýji keselinden ejir çekýän näsag göz agzasynda gaýraüzülme döremeginiň öňüni almak üçin düzgünleri berjaý etmegi maslahat berilýär. Ýagny näsag berhiz tutmaly we degişli, degerli bejergini ýygy-ýygydan almalydyr.

Nasiba TORAÝEWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň 1-nji oftalmologiýa bölüminiň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu