
Şöhratly wakalara beslenýän günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny elimize almagymyz ruhumyzy has-da joşdurýar, bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi umumadamzat gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana şahyrymyzyň sarpasynyň has hem belent tutulýandygynyň täze bir beýany boldy.
Täze kitapda beýik söz ussadymyzyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy giňden beýan edilip, bu eser ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň özboluşly jemidir. Täze kitap ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, türkmen akyldary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Täze kitap «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» diýen bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümleriň mazmunyna siňdirilen beýik şahyrymyz hakyndaky pikir ýöretmeler geçmiş-taryhymyz, şöhratly şu günümiz hem-de nurana geljegimiz hakynda täzeçe pikirlenmäge itergi berýär.
Mälim bolşy ýaly, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki bu eserlerde bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby ähli halkymyz, şol sanda syýasatçylar, diplomatlar, geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolar.
Kitapda çuňňur mazmunly taryhy rowaýatlaryň birinde şeýle täsin hadysa teswirlenilýär: her ýylda juda üýtgeşik ukyp-zehinli bir ynsan, her on ýylda şondan on esse artykmaç bir ynsan, her ýüz ýylda şondan ýüz esse artykmaç biri, her müň ýylda şondanam müň esse artykmaç biri dünýä inermiş. Bu hakdaky pikiri dowam edip, hormatly Prezidentimiz: «Megerem, Magtymguly türkmen halkynyň geçen ýa-da şu wagtky müňýyllygynyň döwletli nesibesidir. Pygamber paýhasyny özüne ýol edinen ol ägirt är, Görogly gaýratly gerçek diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, ähli adamzadyň bagtly paýydyr, döwletli nesibesidir» diýip jaýdar belleýär. Täze kitaba şeýle gymmatly maglumatlaryň siňdirilip, onuň mähriban halkymyza peşgeş berilmegi biziň ählimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär, beýik akyldarymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrýar.
Kitap okamak, dürdäne pikirlere, pähim-paýhasa eýermek maşgalada-da, jemgyýetde-de mertebäňi beýgeldýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Kitaby söýýän okumyş adamyň düşünjesi çuň, dünýägaraýşy giň bolýar. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary hem okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby hem şeýle neşirleriň biridir. Watanymyzyň toýly günlerinde halkymyza gowşan bu eser giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.
Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak beýik eserleri yzygiderli peşgeş berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri täze we döredijilikli başlangyçlara şamçyrag bolsun!
Sabina HALIMOWA,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň iñlis dili mugallymy.