Žurnalistiň sahypasy

Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat

20-01-2025 / 97

Islendik döwletiň ösüşi diňe bir ykdysady kuwwaty ýa tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirýän sagdyn ruhly, berk bedenli, döwrebap özgertmelerden habarly we oňa mynasyp goşant goşup bilýän nesilleri, kämil hünärmenleri bilen hem kesgitlenilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüp, ony hemişe üns merkezinde saklaýar.

Halkymyz ir döwürlerden bäri ylym-bilimliligi döwletlilik saýypdyr. dana pederlerimiz bu babatda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym — yhlas», «Ylym akyldan dem alar» ýaly pähim-paýhasa ýugrulan birnäçe nakyllary, atalar sözlerini hem-de aýtgylary döredip, ylym-bilime bolan garaýyşlaryny hem bize miras galdyrypdyrlar.

Şunuň bilen baglylykda, häziri wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. «Ýaşlaryň dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamagy, ylmyny artdyrmagy we hünärini kämilleşdirmegi üçin zerur tagallalar hemişe durmuşa geçirilmelidir» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren bilim özgertmeleri häzirki döwürde öz datly miwelerini bolluk bilen eçilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

Ata Watanymyzyň bilim ulgamynyň ösdürilmegi, geljegiň eýeleri bolan nesilleriň döwrebap hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.

Güliruh MELÄÝEWA,
Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu