Žurnalistiň sahypasy

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň kelamy

21-01-2025 / 120

Ýyllaryň ýyllardan zyýada gelşi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň ýyly hökmünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Çünki halkara giňişliginde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanyp, halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Adamzat mydama parahat durmuşyň arzuwynda. Şol sebäpden hem sungatyň ähli görnüşi parahat durmuşa bolan söýgini beýan edýändir. Parahatçylyk adamlaryň bagtyýar ýaşamagynyň hökmany şertidir. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy berkitmek barada edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilip, uly goldaw tapýandygyny görkezýär.

Şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy uludan belleniler. Watanymyzyň durmuşynda örän uly syýasy waka bolan bu sene hoşniýetli daşary syýasatymyzyň üstünliklerini dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylykdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem şeýle şanly sene bilen utgaşyp, taryhy wakalara, uly üstünliklere beslener. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. 9-njy ýanwarda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bu toparyň ilkinji mejlisini geçirmegi, onda birnäçe guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak, ýylyň şygary bilen bagly bezeg işlerini geçirmek, sowgatlyk önümleri öndürmek, halkara çärelere gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak ýaly meselelere garalyp, ýylyň çäreleriniň konsepsiýasyny taýýarlamak barada karara gelindi. Mälim bolşy ýaly, guramaçylyk döwlet toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär.

Bu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine uly gyzyklanma bildirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme mejlislerinde wise-başlyklyga hem-de bu iri halkara guramanyň abraýly düzümleriniňdir ykdysady institutlarynyň agzalygyna saýlanandygyny buýsançly bellemek gerek. Hut eziz Watanymyzyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredi. Türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir etdi.

Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Suraý AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu