
Türkmenistanda halkyň saglygyny berkitmekde, saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we döwrebap özgertmeleri amala aşyrmakda, milli lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmakda, ýurdumyzyň bu ulgamda täze üstünlikleri gazanmagyny üpjün etmekde esasy resminama bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy tapgyrlaýyn üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan geçen ýyl hem uly üstünliklere beslendi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip bellemek bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky uly aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy açylyp ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilýän bu önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan goldawlaryň berilmeginiň netijesinde ýüzlerçe çagalara degişli operasiýalar geçirilip, tiz sagalmagyna ýardam edildi. Bu işler ýaş nesiller hakda edilýän aladanyň nobatdaky beýanydyr.
Täze taryhy döwrümizde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmeklige aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Alişer BEŞIMOW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň nefrologiýa bölüminiň lukmany.