Žurnalistiň sahypasy

Başlangyç synplarda okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýeti

18-01-2025 / 119

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim-terbiýeçilik işinde hem Milli Liderimiziň kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Şunda başlangyç synplarda okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň gymmatyna aýratyn orun degişlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri nesil terbiýesiniň egsilmez hazynasydyr. Milli Liderimiz öz çykyşlarynda ýaşlara ahlak terbiýesini bermek barada durup geçýär. Olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär, gowy edep-terbiýeli, dünýä ylymlaryndan başy çykýan ýaşlaryň kemala gelmeginiň biziň geljegimiz üçin zerurlykdygyny nygtaýar.

Ýaş nesillerimize kitap okap, bilimiňi artdyrsaň, durmuşyň manyly, ruhy dünýäň kämil, kalbyň arassa boljagyny öwredýär, milli terbiýäniň esasy özenine ynsanperwerlik, watansöýüjilik, belent adamkärçilik ýaly asylly häsiýetler degişli. Bu häsiýetleri ýaş nesillere öwretmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler alnyp barylýar. Milli ýörelgelerimizi dowam etdirmekde we wagyz etmekde giň mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda,  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň her biri watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, halallyk, bir sözlülik ýaly türkmeniň öňden gelýän milli ýol-ýörelgeleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýesi, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bolup geçýän kitaplary bu günki gün, diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma döredip, her bir adam üçin uly gollanma bolup durýar.

Orta mekdepleriň başlangyç synplarynda Milli Liderimiziň nusgalyk eserlerinden işjeň peýdalanmak pedagogik nukdaýnazardan alanyňda hem örän ähmiýetlidir. Başlangyç synp çaga üçin jogapkärli döwür bolup durýar. Edil şol döwürde çagalarda maksada gönükdirilen bilim we terbiýe berlip başlanýar, çaganyň esasy döredijiligi okuw bolup, ol onuň dünýägaraýşynyň ösmeginde esasy orny tutýar. Okuwda çaga diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, ol özi üçin belli bir jemgyýetçilik ornuny tapýar. Çaganyň gyzyklanmalary, dünýägaraýşy we bütin durmuşy üýtgeýär. Bu döwürde onuň döredijiligini ösdürýän hakyky durmuş başlanýar. Çaga akyl taýdan çalt depginler bilen ösüp başlaýar. Bu ýaşda çagalarda özüni gyzyklandyrýan zatlara bolan bilesigelijilik has-da artýar.

Başlangyç synp okuwçylarynda sözleýiş endiklerini ösdürmekde Milli Liderimiziň eserlerinden peýdalanylmak bilen, olarda sözleýiş medeniýeti kämilleşýär. Harplyga çenli döwürden başlap, çagalaryň sözleýiş ukyplary, başarnyklary mugallym tarapyndan hasaba alynmaly we her geçiljek sapak okuwçylaryň başarnyklaryna we ukyplaryna esaslanyp guralmaly. Guralýan sapaklarda çagalaryň dil sözleýşine uly üns berilmeli. Ýönekeý ýumuşlaryň, okalan ýazgylaryň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndaky rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, tymsallaryň, nakyllaryňdyr ertekileriň üsti bilen çagalaryň sözleýiş endikleri ösdürilmeli.

Bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Jemile BAZAROWA,
Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiñ başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu