
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet çekýän işgärleriň we mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlaryň däp-dessurlara, milli mirasa, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlere bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmak maksady bilen «Taryhy buýsançly-geljegi röwşen» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri Ş.Hamraýewa, Kerki etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary M.Annaýew, K.Kerimowa dagylar çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.