
Türkmen halky çeper döredijilige aýratyn sarpa goýýar, dünýäniň syrly sandygyna deňelýän kitaplara bahasyz gymmatlyk hökmünde garaýar. Kitap okamak, dürdäne pikirlere, pähim-paýhasa eýermek maşgalada-da, jemgyýetde-de mertebäňi beýgeldýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Kitaby söýýän okumyş adamyň düşünjesi çuň, dünýägaraýşy giň bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby hem Watanymyzyň toýly günlerinde halkymyza gowşan bu eser giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.
Mälim bolşy ýaly, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki bu eserlerde bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby ähli halkymyz, şol sanda syýasatçylar, diplomatlar, geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly ilkinji bölüminde: «Asyrlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, biz türkmen danasy, dünýä akyldary Magtymguly Pyragydan daşlaşmaýarys. Arassa parasat, dury paýhas, üstünden eýýamlaryň geçendigine garamazdan, lagyl-göwher kimin şöhle saçyp durýar. Magtymgulynyň baryp üç asyr ozal döwür, durmuş, adam ahwallary baradaky pähim-paýhasly jümleleri şu günki günde hem gymmatyny gaçyrmaýar. Akyldaryň goşgulary häzirki ylym hem innowasiýalar, sanly tehnologiýalar babatda iňňän ösen döwrüň garaýşyna, adamzadyň örän kämilleşen aňyýetiniň derejesine hem laýyk gelýär» diýip, beýik şahyrymyza täze döwrüň nukdaýnazaryndan ýokary baha berýär. Şeýle parasatly pikirler täze eseriň tutuş süňňüni düzýär.
Kitapda çuňňur mazmunly taryhy rowaýatlaryň birinde şeýle täsin hadysa teswirlenilýär: her ýylda juda üýtgeşik ukyp-zehinli bir ynsan, her on ýylda şondan on esse artykmaç bir ynsan, her ýüz ýylda şondan ýüz esse artykmaç biri, her müň ýylda şondanam müň esse artykmaç biri dünýä inermiş. Bu hakdaky pikiri dowam edip, hormatly Prezidentimiz: «Megerem, Magtymguly türkmen halkynyň geçen ýa-da şu wagtky müňýyllygynyň döwletli nesibesidir. Pygamber paýhasyny özüne ýol edinen ol ägirt är, Görogly gaýratly gerçek diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, ähli adamzadyň bagtly paýydyr, döwletli nesibesidir» diýip jaýdar belleýär. Täze kitaba şeýle gymmatly maglumatlaryň siňdirilip, onuň mähriban halkymyza peşgeş berilmegi biziň ählimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär, beýik akyldarymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrýar.
Muhabbat ROZBAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 61-nji mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.