
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ahyrky günlerinde hormatly Prezidentimiz halkymyza nobatdaky eserini — «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny sowgat berdi. Täze kitapda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilip, bu eser ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň özboluşly jemidir.
Täze kitap «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» diýen bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümleriň mazmunyna siňdirilen beýik şahyrymyz hakyndaky inçe pelsepeler, synçy garaýyşlar, takyk pikir ýöretmeler geçmiş-taryhymyz, şöhratly şu günümiz hem-de nurana geljegimiz hakynda täzeçe pikirlenmäge itergi berýär.
Täze kitabyň mazmuny bilen tanşanyňda, onda Magtymgulynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň şanly ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilendigine, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jeminiň jemlenendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Magtymgulynyň toýy dünýäniň toýuna öwrüldi. Kitapda şular barada beýan edilýän maglumatlar bilen tanşyp oturyşyňa, ýylyň dowamynda bu ugurda dünýäniň çar künjeginde guralan hem gatnaşylan çäreler, ýakyndan şaýat bolnan wakalar biygtyýar seriňe dolýar.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Kitaby söýýän okumyş adamyň düşünjesi çuň, dünýägaraýşy giň bolýar. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary hem okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby hem şeýle neşirleriň biridir.
«Ýaşlar ― Watanyň daýanjy», «Änew ― müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» ýaly kitaplary ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze ― «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitaby hem milli terbiýe babatda gymmatly gollanmadyr, nusgalyk mekdepdir, beýik akyldarymyzyň edebi mirasyny içgin öwrenmekde ýolgörkezijidir, çeper-publisistik, ylmy-edebi, taryhy-filosofik ähmiýetli gollanmadyr. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamynyň ýiti, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. Taryhy-medeni mirasymyza çuňňur sarpa goýup, ýaş nesillere kämil bilim-terbiýe bermekde ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Saodat AWLIÝAKULYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 64-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.