Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Nesillere gymmatly sowgat

16-01-2025 / 75

Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny peşgeş bermegi şanly ýylymyzyň möhüm taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy. Täze kitapda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilip, bu eser ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň özboluşly jemidir. Bu kitap ähli halkymyz, şol sanda ýaşlar, körpe nesillerimiz üçin hem gymmatly sowgat boldy. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çagalar bakja-bagymyzda alnyp barylýan usuly-guramaçylyk işleriniň çäklerinde bilim işgärleriniň syýasy, edebi sowatlylyklaryny baýlaşdyrmaga, jemgyýetçilik we medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga hem ähmiýet berilýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby biziň üçin nusgalyk gollanmadyr, terbiýe çeşmesidir.

Çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçileridir körpe nesiller jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan edilýän bäsleşiklere, döredijilik agşamlaryna, duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi nesil terbiýesi we sowatly kemala getirilmegi ugrundaky işlerde milli tejribäniň, hünär kämilliginiň ösdürilmeginde oňyn netijelidir. Şu nukdaýnazardan, bilim ojaklarynyň hatarynda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýylymyzyň şanly şygaryndan ugur alyp, Magtymguly atamyzyň döredijilik mirasyna eýerip, okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri milli usulyýetiň gazananlaryna laýyklykda guralýar.

Halkymyzyň müňýyllyklar içre kämilleşip gelen ahlak-edep medeniýetini özüniň pähim-parasat dünýäsine siňdirip, onuň mazmunyna çuňňur pelsepe we ruhubelentlik çaýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi ýaş nesli atalarymyzyň ruhuna ygrarly edip terbiýelemekde iňňän gymmatly hazynadyr. Biz ― terbiýeçelere körpe nesilleri döwrebap terbiýelemek babatda ähli giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Farida BAZAROWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu