Žurnalistiň sahypasy

Ýagty ertirlerimiziň eýeleri

16-01-2025 / 92

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Sanly bilim konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň degişli derejede çözülmegine, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ähmiýetli bilim bäsleşiklerine gatnaşmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda guralýan halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders olimpiadalarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadanyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Halkara ders olimpiadasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi gaznanyň işiniň ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli bolmaklaryny, sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde halkara çäreleri, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara ders olimpiadalaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny bellemek gerek.

Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylym we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljekde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda täze wezipeler göz öňünde tutulýar.

Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.

Ogulşeker HYDYRMUHAMMEDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň matematika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu