Žurnalistiň sahypasy

Beýik menzillere çagyryş

16-01-2025 / 91

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň gözýetimli, beden we akyl taýdan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygyny döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň barha dabaralanýandygyny aňladýar.

Häzirki wagtda durmuşymyzda täze tehnologiýalar, aýratyn-da, sanly bilim ulgamy uly orny eýeleýär. Çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Bu bolsa ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär.

Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi. Daşary ýurtly hünärmenler bilen okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak bolsa asylly däbe öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine hem uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk saklamagyň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Leýla MÄMIÝEWA,
Lebap welaýatynyñ Köýtendag etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu