
Üstünlikli tamamlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ahyrky günlerinde hormatly Prezidentimiz halkymyza «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny sowgat berdi. Beýik söz ussadymyzdan ruhy ylham alýan her bir ildeşimiz üçin gymmatly döredijilik serpaýyna öwrüldi.
Täze kitapda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilip, bu eser ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň özboluşly jemidir. Täze kitap ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, türkmen akyldary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda eýeleýän ornuny giňişleýin açyp görkezýän täze kitap «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar», «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» diýen bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümleriň mazmunyna siňdirilen beýik şahyrymyz hakyndaky inçe pelsepeler, synçy garaýyşlar, takyk pikir ýöretmeler geçmiş-taryhymyz, şöhratly şu günümiz hem-de nurana geljegimiz hakynda täzeçe pikirlenmäge itergi berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly ilkinji bölüminde: «Asyrlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, biz türkmen danasy, dünýä akyldary Magtymguly Pyragydan daşlaşmaýarys. Arassa parasat, dury paýhas, üstünden eýýamlaryň geçendigine garamazdan, lagyl-göwher kimin şöhle saçyp durýar. Magtymgulynyň baryp üç asyr ozal döwür, durmuş, adam ahwallary baradaky pähim-paýhasly jümleleri şu günki günde hem gymmatyny gaçyrmaýar. Akyldaryň goşgulary häzirki ylym hem innowasiýalar, sanly tehnologiýalar babatda iňňän ösen döwrüň garaýşyna, adamzadyň örän kämilleşen aňyýetiniň derejesine hem laýyk gelýär» diýip, beýik şahyrymyza täze döwrüň nukdaýnazaryndan ýokary baha berýär. Şeýle parasatly pikirler täze eseriň tutuş süňňüni düzýär.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Kitaby söýýän okumyş adamyň düşünjesi çuň, dünýägaraýşy giň bolýar. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary hem okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby hem şeýle neşirleriň biridir. Watanymyzyň toýly günlerinde halkymyza gowşan bu eser giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.
Nargül TAŞOWA,
Çärjew etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.