Žurnalistiň sahypasy

Dünýä nusgalyk ýörelge

15-01-2025 / 93

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň beýik taglymatyny özünde jemleýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygry il-halkymyzyň ýürek törüni eýeläp, eziz Diýarymyzyň asudalygyň mekanydygyny nobatdaky gezek subut etdi. 2025-nji ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu ajaýyp şygyrdaky nurana pikirleri durmuş ýüzünde äşgär edýär.

Eziz Diýarymyzyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty Milletler Bileleşigi tarapyndan hem uly goldawa eýe bolýar. 2020-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi munuň aýdyň güwäsidir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip ykrar edilmegi Watanymyzyň parahatçylygyň mekanydygyny bütin dünýä äşgär edýär. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolmagy halkymyzyň ýokary parahatçylyk söýüjilik medeniýetinden habar berýär.

2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde, türkmen laçynynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir.

Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Göwher BALTAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu