
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hökmünde yglan etmek bilen, ilatyň saglygyny goramak meselelerine ägirt uly üns berýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda diňe BSGG tarapyndan güwälendirilen waksinalar alnyp, häzirki wagtda 14 keseliň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.
Dünýäde iň köp ýaýran ýokanç keselleriň biri bolan inçekesel adam bedenine howa damjalary arkaly mikrobakteriýalaryň aralaşmagy netijesinde döreýär. Keseli wagtynda öňüni almak örän wajyp mesele bolup, şeýle edilende, keselden doly gutulyp, saplanmagy gazanyp bolýar. Çünki kesel öz wagtynda ýüze çykarylanda, bejeriş çäreleri gaýry goýulman geçirilende, syrkawyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilende, ýokanç keselleriň öňüni alyp bolýar. Doly geçirilen bejergi keseliň alamatlaryny aradan aýryp biler. Näsag yzygiderlikde lukman tarapyndan kadaly gözegçilikde bolmaly. Şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi doly ýola goýmaly. Wagtynda geçirilen bejergi keselden gutulmaga kömek eder.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çäreleriň toplumlaýyn işler durmuşa geçirilip, olar öz miwesini hem berýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokup biläýjek howply ýokanç keselleriň döremeginiň öňüni almaga aýratyn üns berýärler we bu ugurda işjeň zähmet çekýärler.
Keselleriň öňüni almakda raýatlara sagdyn durmuş ýörelegeleriniň ähmiýeti, ýagny dogry iýmitlenmegiň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, zyýanly endiklerden, şol sanda çilim çekmek endiginden hem gaça durmaklyk barada yzygiderli wagyz-nesihat düşündiriş ileri alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we olary doly berjaý etmek sagdyn jemgyýetimizi gazanmakda örän ähmiýetlidir.
Milli saglygy goraýyş ulgamymyzyň ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Аýjahan GURBANMYRADOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň ýokanç keseller dersiniň mugallymy.