
Gahryman Arkadagymyzyň: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýen dürdäne setir bilen başlanýan ajaýyp şygrynda belleýşi ýaly, tutuş dünýä abadan ýaşaýşyň, asuda durmuşyň telwasynda. Hut şonuň üçinem Täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ildeşlerimiz bilen birlikde dünýä halklarynyň-da göwün isleginiň myradyna gowuşmagydyr.
Mertebesi dünýä dolan Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk şanly toýunyň äleme ýaň saljak ýylynyň ýurdumyzyň dost-doganlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň halkara möçberinde şygar edilip alynmagy, ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlige ýugrulan däplerimiz esasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmasydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda berkarar döwletimize hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu gurama tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ikinji gezek ykrar edilmegi, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň durnukly daşary syýasatynyň halkara möçberinde resmi taýdan ykrar hem-de beýleki döwletlere nusgalyk ýol hökmünde wagyz edilmegidir.
Parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk, ynsanperwerlik, doganlyk-dostluk ýaly halkymyzyň keremli dünýäsinde baky orun alan, beýik Pyragynyň goşgularynyň çuňňur mazmunyny kesgitleýän adamzat üçin iň wajyp we gymmatly düşünjeler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň özenini düzýär. Diýmek, biziň gadam basan ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň logiki dowamyna öwürýär. Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, şahyryň eserleriniň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny, geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylan taryhy özgertmeleri, ýetilen belent sepgitleri öz içine alýan «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çap edilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.
Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Muhammet MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.