Watançylyk, sport, ekologiýa, gözellik, ahlak ýaly terbiýäniň dürli görnüşleri bu günki gün her bir ýaş nesliň baş maksadyna öwrülýär. Şunda zähmet, ekologiýa terbiýesine möhüm ähmiýet berilýär. Çünki zähmete adam bilen tebigatyň arasyndaky utgaşdyrylan hereket diýip baha bersek, onda adam şol tebigaty özgerdiji güýç diýip düşünýäris. Adam tebigaty özgerdýän bolsa, ýaşlar hem tebigaty özgerdip, geljegimizi gülledýär.
Ekologik düşünje we tebigata söýgi çagalykdan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär.
Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalaryň ekologiýa terbiýesi bilimiň möhüm bölegine öwrüldi. Ol ekologiýa medeniýetiniň esasyny düzýär we bu ugurdaky düşünjeleri, başarnyklary ösdürýär. Bu döwürde çagalar ekologiýa terbiýesiniň üsti bilen: daşky gurşaw, ýer we tebigy baýlyklar — howa, suw, toprak, haýwanlar we ösümlikler barada alada etmegi; tebigatdaky özara sazlaşyga, adamlar bilen daşky gurşawyň arasyndaky gatnaşyklara, şol gatnaşyklaryň tebigatyň ýagdaýyna we howpsuzlygyna edýän täsirine düşünmegi, tebigaty gorap saklamaga jogapkärli çemeleşmegi hem-de suwy, elektrik energiýasyny tygşytlamak, galyndylary ýygnamak ýaly gündelik ýönekeý hereketleriň üsti bilen, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almagy, duýgudaş bolmagy — tebigaty söýmegi, tebigy hadysalara düşünmegi, daşky gurşawyň gözelligini duýmagy, janly-jandarlara rehimdarlyk bilen garamagy öwrenýärler.
Ekologik terbiýe meselesine üns bermek bilen, okuw dersleriniň çäginde ekologiýa dersini içgin öwretmek, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda berilýän bilimi ýokarlandyrmaga ýardam berýän ýörelgeler hil taýdan kämilleşdirilýär. Ekologik medeniýetiň esasy maksady jemgyýetiň, aýratyn hem ýaş nesliň ekologik düşünjesini, milli terbiýesini kämilleşdirmek, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekdir. Şeýle çäreler adamyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini kemala getirmäge, abadan durmuşy üpjün etmäge, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaga ýardam edýär.
Gözel tebigatymyzy, sahawatly topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak işine halk köpçüligini, aýratyn hem ýaş nesli çekmek häzirki döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşky gurşawy gowulandyrmak üçin köpçülikleýin bag ekmek çäreleri ýaşlarda tebigata bolan söýgini ösdürip, oňyn garaýşy artdyrýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle belleýär: «Bag ekmek halkymyzyň milli dessurydyr. Ata-babalarymyz täze öý gurunjak ýerinde hemişe bag nahallaryny oturdypdyrlar. Bag — berekediň bir çeşmesi hasaplanylýar. Näçe köp bag nahallary ösdürilip ýetişdirilse, şonça-da şol ojagyň, şol ýeriň rysgal-berekedi has köpeler diýilýär».
Diýarymyzyň tebigatyny goramak we baýlyklaryny aýawly hem-de rejeli ulanmak barada kanunçylygy berkitmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Hususan-da, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň ähmiýeti juda uludyr. Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmek bu ugurdaky bilimleriň artmagyna kuwwatly binýat bolup durýar.
Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Ýalkymjemal SAPAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.