Žurnalistiň sahypasy

Ýaş nesiller üçin gymmatly gollanma

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda nesil terbiýesi

12-01-2025 / 71

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly şöhlelenmesidir. Kitap ýaş nesiller üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup, eserde nesil terbiýesi hakynda hem giňişleýin söhbet edilýär.

«Ömrümiň manysy» atly eser türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, pederlerimizden miras galan parahatçylyksöýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybarat bolup, kitapda geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň, dünýäniň danalarynyň pähimli sözleri edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilýär. Eserde Abu Seýit Abul Haýyr (Mäne baba), Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly görnükli wekilleriň birnäçesiniň durmuşyna göz aýlap bolýar. Bular dogrusynda kitabyň «Gadymyýete nazar» atly bölüminde aýratyn nygtalyp geçilýär. Şonuň üçinem bu kitap ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly taryhy çeşmedir.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, baý durmuş tejribesinden dörän bu ajaýyp kitap ýaş nesilleri belent adamkärçilik, zähmetsöýerlik, watanperwerlik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň ömri manyly ýaşamak, ýagşylyk etmek, haýyr-sahawatly işler bilen meşgul bolmak, özüňden ýagşy at galdyrmak ýaly asylly ýol-ýörelgelerini ýaşlara öwretmekde gymmatlydyr. Gahryman Arkadagymyz kitabyň «Ýaşaýyş medeniýeti» diýen bölüminde ýaşlaryň hünär saýlamagy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçýär. Terbiýeçileriň, mugallymlaryň çagalaryň hünärlere bolan höwesini, ukybyny ýüze çykarmakda ornunyň uludygyny belleýär, maşgala mukaddesligine aýratyn üns berýär.

Maşgalada çagany hünärlere ugrukdyrmakda ene-ata uly orun degişlidir. Çagany terbiýelemekde ene hüwdüsinde gudratyň, güýjüň bardygy beýan edilýär. Hormatly Arkadagymyz «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr» diýmek bilen, maksadyňa ýetmek üçin jan etseň, ýetilmejek menziliň ýokdugy dogrusynda belleýär. Şonuň üçin hem bu kitap ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde nusga alarlyk eser bolmak bilen, biziň her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi.

Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň baý medeniýetini we milli mirasyny giňden dabaralandyrýan bu eseri terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşyny özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyz: «Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys. Bu meselede halypalaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem, uly wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki «halypalar» diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr» diýip bellemek bilen, eserde maşgalada atanyň hormaty, enäniň orny, nesilleriň borjy barada giňişleýin durlup geçilýär.

Kitaba sarpa goýmakda, ylym-bilimi ösdürmekde nusgalyk tejribeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şirin GÜNDOGDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu