
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bu ýylyň hem pähim-parasatyň miwesi bolan parahatçylygyň has-da rowaçlanjakdygyndan habar berýär.
Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp yglan edilen ajaýyp şygar halkara ähmiýetine eýedir.
Şundan ugur alyp, biz hem çagalar bakja-bagymyzda ýylyň şygarynyň astynda okuw-terbiýeçilik işlerini has-da mazmunlaşdyrmak maksady bilen birnäçe çäreleri geçirmäge, okuw-usulyýet işleriniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmäge çemeleşýäris. Ýakynda hem çagalar bakja-bagymyzda işgärler bilen maslahat geçirip, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdyk, bu ýylda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, ýylymyzyň ajaýyp şygary mynasybetli okuw-terbiýeçilik, baýramçylyk çärelerine meýilnamalaýyn esasda taýýarlyk görmäge girişdik.
Magtymguly Pyragynyň beýan edişi ýaly, bir suprada jem bolup milli toý ruhy, goşa-goşadan gelýän şatlykly wakalar, baýramçylyk şowhunlary bilen garşylanan bu ýylda özüne mynasyp ajaýyp şygaryň astynda biz hem halkymyzyň arasynda bolup, bu şygaryň many-mazmunyny düşündirmäge, halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň taryhy ähmiýetini wagyz etmäge borçlanýarys.
Geljekde hem ýurdumyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar körpeleri milli ruhda terbiýeläp, olarda parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli gatnaşyklar, Bitaraplyk derejämiziň ähmiýeti bilen bagly düşünjeler okuw sapaklarynda we gün pursatlarynda öz beýanyny tapar.
Ajaýyp şygrynda «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýip, parahatçylygy belent heňde wasp edýän we asylly işleri bilen dünýä wagyz edýän Gahryman Arkadagymyza, parasatly pederlerimiziň mukaddes ýörelgesini rowaçlandyryp, merdana milletimiziň milli mertebesini belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Maýajemal GURBANNEPESOWA,
Mary şäheriniň 48-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.