Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry

10-01-2025 / 33

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny elimize almagymyz baýramçylyk ruhumyzy has-da joşdurýar, bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has hem belent tutulýandygynyň täze bir beýany boldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreler — ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, döredijilik we wagyz-nesihat çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby ähli halkymyz, şol sanda syýasatçylar, diplomatlar, geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolar.

Kitapda çuňňur mazmunly taryhy rowaýatlaryň birinde şeýle täsin hadysa teswirlenilýär: her ýylda juda üýtgeşik ukyp-zehinli bir ynsan, her on ýylda şondan on esse artykmaç bir ynsan, her ýüz ýylda şondan ýüz esse artykmaç biri, her müň ýylda şondanam müň esse artykmaç biri dünýä inermiş. Bu hakdaky pikiri dowam edip, hormatly Prezidentimiz: «Megerem, Magtymguly türkmen halkynyň geçen ýa-da şu wagtky müňýyllygynyň döwletli nesibesidir. Pygamber paýhasyny özüne ýol edinen ol ägirt är, Görogly gaýratly gerçek diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, ähli adamzadyň bagtly paýydyr, döwletli nesibesidir» diýip jaýdar belleýär. Täze kitaba şeýle gymmatly maglumatlaryň siňdirilip, onuň mähriban halkymyza peşgeş berilmegi biziň ählimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär, beýik akyldarymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby hem şeýle neşirleriň biridir. Watanymyzyň toýly günlerinde halkymyza gowşan bu eser giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.

Şu pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çap edilmegi mynasybetli tüýs ýüregimizden gutlaýarys hem-de milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriniň höwrüniň köp, döwet galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, döwlet Baştutanymyzyň täze eseri halkymyzyň ruhuna ruh goşup, täze we döredijilikli başlangyçlara şamçyrag bolsun! Ýaş nesillere kämil bilim we terbiýe bermekde, hünär öwretmekde ähli zerur mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu