Žurnalistiň sahypasy

Dünýä akyldaryna beýik sarpa

11-01-2025 / 71

Geçen ýylda beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy ähli dost-doganlyk halklar bilen bilelikde bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirilen işler ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam etdi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny peşgeş bermegi şanly ýylymyzyň möhüm taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy.

Täze kitapda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilip, bu eser ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň özboluşly jemidir. Täze kitap ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, türkmen akyldary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.

Magtymguly Pyragy, ilkinji nobatda hakyky Watançy şahyrdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Döwletleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çykyşynda bu hakda aýratyn nygtamak bilen: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr» diýip buýsançly belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň ady dünýä ýaýyldy, şany jahana doldy. Biz muňa 2024-nji ýylda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede dabaralandyrmak maksady bilen, milli we halkara derejesinde geçirilen çäreleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna girizilmegi, şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi ajaýyp söz ussadymyzyň şanyny dünýä ýaýan esasy wakalar boldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda Magtymguly Pyragynyň beýikligi, ussatlygy has-da dabaralanýar. Bu bolsa täze kitabyň ähmiýetiniň hem-de gymmatynyň esasy görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň jemi sekiz bölümden ybarat bolan bu täze kitabynyň üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratynlykda, ýokary çaphana usulynda neşir edilmegi oňa bolan gyzyklanmany has-da giňeldýär. Bu bolsa öz nobatynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň okyjylarynyň sanynyň köp bolmagyny şertlendirýär, eseriň meşhurlygyny artdyrýar. Täze eserde türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň hazynasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň eýeleýän ornunyň, ähmiýetiniň giňişleýin açylyp görkezilmegi bolsa onuň näderejede gymmatlydygyny kesgitleýär.

Taryhy-medeni mirasymyza çuňňur sarpa goýup, ýaş nesillere kämil bilim-terbiýe bermekde ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Watanymyzy özgertmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara we üstünliklere beslensin!

Mergen GURDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu