Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Magtymguly — barlygyň bir ummany

10-01-2025 / 40

Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili — Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Şu nukdaýnazardan, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýurdumyzyň şöhratyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgusyndan ugur alnyp, ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň beýik ogluna hem-de onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormatyň nyşanyna öwrüldi.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, 17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta böleginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilen Magtymgulynyň belent başly ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamyna öwrüldi.

«Hakykat birdir, emma oňa eltýän ýollar dürli-dürlüdir» diýen düşünje bar. Magtymguly — özboluşly bir dünýä. Magtymguly — barlygyň bir ummany. Magtymgulynyň hakykatyna göz ýetirmek üçinem biziň şol düşünjä görä hereket etmegimiz akyla laýyk bolardy» diýýän döwlet Baştutanymyz bu günki gün türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasyny çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip belleýşi ýaly, döwlet berkararlygy merdana ata-babalarymyzyň kalbynda umyt-arzuw bolup ornady, milli buýsanç bolup kök urdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu