
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Şunda gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi esasy gymmatlyk hökmünde öňe çykýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşi beýan edilýär. Olar şulardan ybaratdyr: watançylyk terbiýesi; döredijilik we zehin terbiýesi; akyl we pikir terbiýesi; ylym terbiýesi; medeni aň-düşünje terbiýesi; kär-hünär terbiýesi; sungat terbiýesi; syýasy terbiýe; maliýe-ykdysady terbiýe; jemgyýetçilik terbiýesi; dil terbiýesi; ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi.
Biz bu makalamyzda ýaş nesillerde ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesini kämilleşdirmegiň aýratynlyklary dogrusynda söhbet ederi. Mälim bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýe berlip, çagalar mekdebe taýýarlanylýar. Geçilýän sapaklaryň üsti bilen daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak utgaşdyrylýar. Bu işler bilen birlikde, daşky gurşawy goramagy öwretmek örän wajyp wezipeleriň biridir. Daşky gurşawy goramagy öwretmek «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapaklary geçilende alnyp barylmalydyr we başlangyç synplarda geçiljek sapaklaryň düýbi tutulmalydyr. Tebigatyň arassalygy adamlaryň saglygynyň girewidir. Howanyň üýtgemegi we onuñň getirýän netijeleri barada zerur bolan bilimleri bermek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça zerur başarnyklary we endikleri terbiýelemek, howanyň üýtgemeginiň sebäplerini, şeýle-de suwdan tygşytly peýdalanmak, howanyň arassalygyny üpjün etmekde ýaşyl ösümlikleriň peýdasyny ýeterli düşündirmek terbiýeçileriň öňünde esasy wezipeleriň biridir.
Kiçi ýaşlaryndan ekologik terbiýe, ekologik medeniýetli bolup ýetişmek, tebigatyň talaplaryny berjaý etmegi başarýan, tebigaty goramagy, baýlaşdyrmagy başarýan ýaşlaryň kemala gelmegine ýol açýar. Terbiýäniň bu görnüşi terbiýeçilik işiniň beýleki ugurlary bilen baglanyşyp gidýär. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklarynda, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň, öz-özüňe hyzmat etmegiň (arassaçylyk, geýinmek, iýmitlenmek) endiklerini, edep-terbiýe, däp-dessur, tebigat, tebigata aýawly garamak we arassa saklamak, tebigatyň kanunlaryna düşünmek we arassaçylyk endiklerini berjaý etmek başarnyklary kemala getirilmelidigi görkezilýär. Bu işler körpe nesilde ahlak düşünjelerini kemala getirmäge, tebigat gözelligine bolan söýginiň artmagyna, gözýetimleriniň giňelmegine ýardam edýän işleriň biridir.
Sapaklarda tebigat dünýäsiniň gözellikleri, baýlyklary barada prezentasiýalar arkaly berilýän düşünjeler körpeleriň ynsanperwer duýgularyny, birek-birege hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky düşünjeleri bilen utgaşmagyna ýardam edýär. Çaga gözelligi öz islegi boýunça gorap saklamaga çalşanda, tebigat arassalygy barada aladalananda geljekde onuň tebigaty goraýjy, watansöýüji adam bolup ýetişjekdigi hakdyr. Tebigat gözelligi çaganyň sözleýşiniň ösmegine ýol açýar, çagada her bir hadysa, her bir zada gyzyklanmany oýarýar.
Sapaklarda sapagara baglanyşygyny berjaý etmek sapaklaryň birleşmegine-utgaşdyrylmagyna (integrirlenmegine) hem ýardam berýär, okuw dersleriniň üzňeliginiň we çagalaryň okuw ýüküniň agramlaşmagynyň öňüni alýar (mysal üçin, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, matematika, sözleýiş sapaklaryny we ş.m. integrirläp geçmek). Çagalaryň sahsy häsiýetleriniň we ukyplarynyň ösüşi olaryň dürli iş tejribelerini toplamaklaryna baglydyr.
Çaga diñe bir tebigaty söýmek, gerek wagty ondan peýdalanmak bilen çäklenmän, ony goramagy, rejeli peýdalanmagy, daş-töweregi gözelleşdirmegi, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalara, ýagdaýlara gõz ýetirmegi hem başarmaly. «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapagy boýunça düzülen okuw maksatnamasynyň esasy maksady körpelere daşymyzy gurşap duran tebigat barada ilkinji düşünjeleri bermekden, jemgyýetçilik durmuşy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr, olarda daş-töwerege, tebigata bolan söýgini, ekologik medeniýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Çaga oýunlar, maglumatlar arkaly özüniň tebigat bilen bir bitewidigine irki çagalyk döwürlerinden düşünip başlamalydyr. Oýun çagalar bilen işleşmegiň bir görnüşidir. Oýun işiň gidişidir, iş usulydyr. Her bir düşünje oýunlar arkaly öwredilmelidir.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda körpelere bilim hem terbiýe bermek ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Merjen KULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň magistranty.