
Ata Watanymyz Türkmenistan 2025-nji ― Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünlikler we belent maksatlar bilen garşylady. 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna iň şöhratly ýyllaryň biri bolup girdi.
Ynsanyýet ömrüniň dowamynda beýik maksatlara ýetmek üçin dyngysyz gözlegde, hereketde bolýar. Beýik maksatly ynsanyň arzuw-umytlaryny amala aşyrmagyň iň uly güýji — asudalyk we parahatlyk. Şu nukdaýnazardan, bu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine uly gyzyklanma bildirilýär. Milli diplomatiýamyzda gazanylan üstünlikler bolsa nusga alarlykdyr. Türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir etdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk taryhy senesini çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden belläp geçer. Şanly senäniň hormatyna Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak hakynda karar kabul etdi. Agzybir halkymyzyň ýürek arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen bu taryhy çözgüt taýýarlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan döräp, baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, umumadamzat ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna esaslanylmagy her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär. Sebäbi, munuň özi ýubileý ýylyň şygarynda hem-de nyşanynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, abadançylygynyň şöhlelenmegini, okgunly ösüşlerimiziň, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzyň öz mynasyp beýanyny tapmagyny üpjün etdi. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň çuň mazmunly şygarynyň ýurdumyzyň uly taryhy ýolunyň özboluşly beýany bolup durýandygyny hem nygtamak gerek.
Parahatçylyk we ynanyşmak şanly ýylda ýetiljek her bir sepgidiň asyl çeşmesi bolar. Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl Gutlagynda: «Geljek ýylda hem Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçireris. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin biziň her birimize uly jogapkärçilik düşýändigini unutmaly däldiris. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys» diýýär. Bu sözler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her birimiz üçin ýörelgä öwrüler.
Goý, 2025-nji ýylymyz uly üstünliklere we rowaçlyklara beslensin!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.