Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

Dana şahyrymyzyň nesihatyna eýerip…

08-01-2025 / 42

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly serpaý boldy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň watançylyga, halallyga, ynsanperwerlige we adalatlylyga ýugrulan eserleri milli kanunçylygymyzyň hem binýadyny emele getirýär.

Ata-babalarymyzyň adalatlylyk, ynsanperwerlik we il-ýurduňy söýmek ýaly mukaddes ýörelgeleri bu günki ýaşlar üçin nusgalyk ýoldur. Bu mowzuklara Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde uly orun degişlidir. Döwletimizde hereket edýän milli kanunçylygymyzyň ähli ugurlaryna akyldaryň goşgularyndaky taglymatlar siňendir. Magtymguly Pyragynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky garaýyşlary bolsa şu günki bagtyýar zamanamyzyň döwlet syýasatynyň esaslary hökmünde çykyş edýär.

Dana Pyragynyň «Ýykmaýan ärden» atly goşgusynda: «Agyr döwletler aýrylar, bir agza bakmaýan ärden» diýen setirler bar. Beýik şahyrymyzyň bu goşgy setirlerinde beýan edilýän döwletlilik hakyndaky  pikir-garaýyşlary Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar» diýen konstitusion-hukuk kadasy bilen özara sazlaşygy emele getirýär.

Agzybirlik, parahatçylyk, asuda durmuşda ýaşamak baradaky ynsanperwer ýörelgeler bolsa halkymyzda elmydama üns merkezinde saklanypdyr. Munuň şeýledigini Magtymguly Pyragynyň halallyk, geçirimlilik, kiçigöwünlilik, ynsanperwerlik ýaly dürli mowzuklarda  döreden eserlerinde has aýdyň görünýär. Şahyryň: «Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň// Menden zynhar, iliň bile kaş bolmaň!» diýen setirleri parahat, agzybir durmuşa çagyryşdyr.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi milli kanunçylygymyzda täze başlangyçdyr. Bu kanun Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Umuman, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilýän ählumumy gymmatlyklar häzirki döwürde milli kanunçylygymyzyň esasyny kesgitleýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly halkymyzyň milli gymmatlyklaryny we bähbitlerini gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýarangeldi ATAÝEW,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu