
Milli medeniýetimize, edebiýatymyza bagyşlanan tamamlanyp barýan ýylymyzda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işler alnyp baryldy. Bu ýyl nusgawy edebiýatymyzyň ägirdiniň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde geçirilen çärelerdir forumlar Magtymguly atamyzyň umumadamzat gymmatlygyna deňelýän döredijiliginiň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini has-da artdyrdy. Çünki beýik şahyryň goşgularynyň ähmiýeti wagtyň we medeniýetiň çäklerinden çykyp, tutuşlygyna häzirki we geljekki nesiller üçin dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, goşgularynyň ençemesi daşary ýurt dillerine terjime edilip, giň halk köpçüligine ýetirilmegi beýik şahyrymyza çäksiz sarpanyň nyşany boldy. Çünki halkymyzyň taryhyny, milli ýörelgelerimiziň ähmiýetini öwrenmekde, beýik şahyryň belent adamkärçilik, watançylyk, merdi-merdanalyk baradaky setirleri, çuň manyly paýhas ummanyndan syzylyp çykan öwüt-ündewleri özboluşly terbiýeçilik mekdebi bolup, ynsanlara ruhy lezzet berýär.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamsynyň halkara sanawyna girizilmegi aýratyn guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Sanawda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň hem bardygyny ýatlamak gerek. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyz bilen dostluk gatnaşyklaryny berkidýän döwletlerde Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň açylmagy dünýä halklarynda hem beýik şahyryň döredijiligine ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda körpe nesilleri milli medeniýetimize, edebiýatymyza, beýik şahsyýetlerimize hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen dürli mazmunly çäreleri, bäsleşikleri geçirdik. Bu çärelerde körpeler beýik söz ussadynyň nakyllara, atalar sözlerine öwrülip, dilden-dile geçip gelýän paýhas setirlerini, goşgularyny ýatdan aýdýarlar, şeýle hem türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerini, ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän gysgajyk ertekileri ýerine ýetirýärler. Bu işler, öz gezeginde, ýaşlary milli mirasymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde aýratyn gymmata eýedir.
Saýýara BAZAROWA,
Çärjew etrabyndaky 28-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.