Žurnalistiň sahypasy

Beýik üstünlikler bilen Täze ýyla!

28-12-2024 / 81

Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän Täze ýyl baýramy bosagada dur. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.

Häzirki döwürde beýik akyldar şahyrymyz Мagtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, halkymyzyň asuda, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Şeýlelikde, tutuş halkymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede dabaralandyrýar.

Tamamlanyp barýan ýylda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem uly işler amala aşyryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň hiline halkara tejribeler esasynda baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. 25-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem ýylda bilim edaralarynda bilim alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly çäreleriň geçirilendigini bellemelidiris.

Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunda 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylandygyny hem bellemek ýakymlydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen, mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi hem-de bu asylly ýörelge hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. 2024-2025-nji okuw ýylynda mekdep durmuşyna ilkinji gadamlaryny basan 155 müň 641 çaga hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuteri sowgat aldylar. Munuň özi bilim binýadymyzyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Goý, eziz Diýarymyzyň aýdyň we nurana geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Laçyn SYLAPOWA,
Sakarçäge etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu