
Garaşsyz Diýarymyzda ýene-de bir ajaýyp ýyllaryň biri ― «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem jemlenip barýar. Bu ýylyň şanly wakalary bilim ulgamynyň üstünlikleri bilen hem sazlaşyp, biziň her birimizi, täze ýyla uly ruhubelentlikde gadam basmaga iterýär.
Bu taryhy we giň gerimli özgertmeleriň ýyly bolan 2024-nji ýylda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şanly ýylyň şygary mynasybetli birnäçe işler geçirildi. Terbiýeçilik, okuw-usulyýet mazmunly çäreleriň üsti bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmekde, bilim terbiýeçilik işgärleriniň bu babatda tejribelerini artdyrmakda pedagogik ugurly çäreleriň ençemesi durmuşa geçirildi.
Elbetde, 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymýyllygynyň hem üstünlikli jemlenýändigi biz ― bilim-terbiýeçilik işgärleri üçin örän buýsançlydyr. Ýeri gelende bellesek, biziň çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri hem-de tejribeleri, terbiýeçileri geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşiklerde welaýat derejesinde abraýly orunlara eýe bolup, zähmet üstünliklerini gazandylar. Mysal üçin, uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparyň körpeleri «Ýaşyl yşyk» ady bilen köçe-ýol hereketiniň düzgünleri boýunça geçirilen bäsleşikde welaýat boýunça Baş baýraga eýe boldy. Şeýle-de terbiýeçiler Jemal Çaryýewa, Bahar Ataýewa, aýdym-saz ýolbaşçysy Akgül Gulmuradowa we beýleki bilim işgärleriniň gazanan üstünlikleri bellärliklidir.
Bu ýylda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň hem kabul edilmegi bizi has netijeli we yhlasy işlemäge ruhlandyrdy. Bu babatda hem meýilnamalaýyn çärelere düýpli girişmek bilen, geljekde çagalar bakja-bagymyzda sapaklary okatmagyň usulyýetini has-da döwrebaplaşdyrmak esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar.
Şu günler bolsa bakja-bagymyzyň müdiri Ogulsuraý Nurlyýewanyň ýolbaşçylygynda Täze ýyl baýramyna bagyşlanan ertirliklere işjeň taýýarlyk görülýär. Çagalaryň ruhubelent çykyşlary, aýdym-sazlary, tanslary, çeper okaýyşlary, sahna parçalary we beýleki çeper döredijilik ugurlary boýunça taýýarlyklary bilen Täze ýyl baýramy mynasyp belleniler.
Şeýle ajaýyp zamanamyzda şanly seneleri we baýramçylyklary bilim-terbiýeçilik edaralarynda guramaçylyk talaplaryna laýyklykda mynasyp bellemäge, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeläp, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmaga, pedagogik işgärleriň hünär başarnyklaryny ösdürmäge döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Maral ŞALAROWA,
Mary şäheriniň 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, TDP-niň işjeň agzasy.