
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä ýaýmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi hem-de akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar.
Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen iň ähmiýetli halkara çäreleriň biri boldy. Ýokary derejeli foruma dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň we resmi wekilleriniň ençemesiniň gatnaşandygyny bellemek gerek. Çünki munuň özi Magtymguly Pyragynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmäge halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmasynyň örän ýokarydygyny tassyklaýar. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyza bagyşlanan halkara forumda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem, türkmen halkynyň öz Watanyna söýgüsiniň nusgasydygyny nygtadylar. Şeýle-de ýokary derejeli çäredäki ara alyp maslahatlaşmalaryň diňe Magtymguly Pyraga hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk üçin hem täze ugurlary açjakdygyna berk ynam bildirdiler.
Dogrudan-da, ähli döwürleriň beýik akyldary, söz ussady bolan Magtymguly Pyragy tutuş adamzady parahatçylyga, agzybirlige hem-de ynsanperwerlige çagyrypdyr. Muňa döwlet Baştutanymyzyň: «Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar» diýip bellemegi aýdyň şaýatlyk edýär.
Täze taryhy döwrümizde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary adamzat paýhasynyň dürdäneleri bolup ýalkym saçýar. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Firuza DOSÇANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.