Žurnalistiň sahypasy

Ähli syrlaryň açary

04-11-2024 / 70

Dünýädäki ähli syrlaryň açary, ösüşleriň gözbaşy ylymda jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ylymy we bilimi ösdürmek islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esaslarynyň biridir. Takyk we tebigy ylymlar ynsan akylynyň kämilleşmegine itergi berýär. Ylym-bilim arkaly jemgyýet alymlaryň, zehinli ýazyjy-şahyrlaryň pähim-paýhasyna eýerýär, nukdaýnazaryny, garaýyşlaryny öwrenýär. Bilim ruhy nygmatdyr, akyl bilen kalp onuň bilen iýmitlenýär. Bilimsizlik ähli şowsuzlyklaryň gözbaşydyr. Ynsanyň gadyry bilim bilen beýgelýär. Bilmezlik aýyp däldir, ýöne öwrenmäge ymtylmazlyk aýypdyr. Çünki ynsan bilmedigini bilse, öwrenmäge ymtylýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär.

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynyň gurluşy, dolandyrylyşy, binýatlaýyn esaslary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, ylmy-tehniki özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirkizaman bilimlerini we ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri hem-de alymlary taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ykdysadyýetimiz döwrebaplaşdyrylýar. Iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Oguljennet SEÝITGULYÝEWA,
Gökdepe etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu