Gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumyň işgärleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şoňa görä-de, her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda, täze belentliklere ýetirmekde hem-de toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy, halkalaýyn energoulgamyň Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda kuwwaty 70 megawat bolan iki sany gaz turbina desgasynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi iň täze taryhymyzyň şöhratly wakalarynyň hataryndan orun aldy. Şeýle taryhy wakalara beslenen günde — her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibiň öňe sürülmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlamagy toý ruhubelentligini döretdi.
Gurluşyk we senagat toplumynda täze önümçilikleriň döredilmegi milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm görkezijisidir. 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz: «Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Toplumyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris» diýip, bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk-senagat toplumyny netijeli ösdürmek iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy wezipeleriniň biridir.
Şu ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen maglumatlara görä, şu ýylyň dokuz aýynda gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim boldy. Ýylyň başyndan bäri Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 302 million manada deň boldy. Bu görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň ýokary kuwwatyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk we senagat toplumynyň möhüm orny bolup, bu meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we ýokary jogapkärçilikli çemeleşilýär.
Maksat HAÝDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.