Žurnalistiň sahypasy

Hasyl toýy — halkyň toýy

01-11-2024 / 58

Hasyl toýy janypkeş daýhanlarymyzyň arly ýyl çeken zähmetleriniň ýerine düşendigini,  ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýene bir gez beýgelmegini alamatlandyrýan özboluşly baýramçylyk. Bereketliligiň pasly hasaplanýan goýazy güýzüň gözel günlerinde, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Dogrudan hem halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda ýer eýeleriniň bähbitlerine gönükdirilen uly özgertmeler geçirildi. Netijede, ýerden alynýan hasyllylyk ýokarlandy, zähmetiň sarpasy, daýhanyň düşewündi artdy. Zandy zähmete ýugrulan merdana daýhanlarymyz sanlyja ýyllaryň içinde hem özlerini, hem döwletimizi galkyndyrdylar. Galla we pagta ýygnamakda her ýylky döwlet borçnamalarynyň artygy bilen ýerine ýetirilişini synlanyňda bolsa mele ýere merdem yhlas siňdirýän ekerançylarymyzyň entek kän-kän üstünlikli menzillere ýetjekdigine çyn ýürekden ynanýarsyň. Şeýle bolansoň, Hasyl toýy edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişlerine, olaryň öňdäki «etsem-goýsamlaryna» bolan guwanç duýgularyna garylýar.

Hasyl toýy ene topraga bolan söýgüniň yhlasa ýugrulyp, dünýä ýüzüne dabaralanmasydyr. «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen paýhasy ýörelge edinen ýer eýeleri bu gün çeken halal zähmetiniň rehnetini görýär. Ekişe «Meň elim däl, Babadaýhanyň eli» diýip başlaýan oba zähmetkeşlerimiz arly ýyllap mele ýere maňlaý deri bilen birlikde, çirksiz yhlasyny hem siňdirýärler. Daýhançylyk — halalhon türkmeniň gadymdan bäri meşgullanyp gelýän kesp-käri. Bu arassa kär elmydama-da ynsana uly abraý getiripdir.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlary hem daýhançylyga ugrukdyryň, höweslendiriň!» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz gadymy ekerançylyk ýörelgelerine, daýhan pederlerimiziň däplerine beýik söýgi bilen seredýärler. Ak patraga çalym edýän pagta meýdanlaryna aýlanyp, «ak altyny» ýetişdirmekde we isripsiz ýygnamakda işjeň gatnaşýan ýaşlary göreniňde, zähmetsöýer nesliň kemala gelýändigine buýsanýarsyň. Olara ömrüni ekleýji topraga baglan tejribeli kärendeçiler, daýhanlar, ýer eýeleri ýol-ýörelge görkezýärler.

«Ekin eýesiniň gözünden suw içer» diýen pähimden ugurly daýhanlarymyz ekine üýtgeşik mähir-alada bilen ideg edýärler. Pederlerimizde şeýle aýtgy bar: «Toprak bir ýigidiň bagtyny açmak üçin kyrk ýyllap garaşyp ýatarmyş». Hawa, toprakdan kemal tapyp, bagta ýeten adamlar juda kän. Toprak adamy ekleýär. Oňa diňe idi-yssywat gerek. Bu babatda döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer kärendeçilerimize uly ýardam berýär. Mümkinçilige netije, ynama yhlasly zähmet bilen jogap berýän daýhanlarymyz döredilýän şertleri ýerlikli ulanyp, ýerden alynýan hasylyň möçberini ýylsaýyn artdyrýarlar.

Ogulbaýram GURBANDURDYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu